8 243 57657

Hormatly Myhmanlar!

Türkmenistanyň ajaýyp künjeginde tebigatyň türkmen halkyna eçilen iň owadan mesgeni bolan „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen „Şapak“ hojalyk jemgyýetiniň kottejler toplumyny bir wagtda dynç almaga hem-de saglygy berkitmäge isleg bildirýän jahankeşdelere garaşýar.

Biziň Hyzmatlarymyz

Dynç Alyş

„Şapak" hojalyk jemgyýetiniň kottejler toplumy 10 sany kottejden ybarat bolup, 1-nji gatda 4 sany 2 orunlyk lýuks apartamenty, hersinde iki adam üçin niýetlenen ýatylýan otag, muhman jaý, aşhana, bar, 2-nji gatda 2 sany 4 orunlyk lýuks apartamenty, hersi dört adam üçin niýetlenen 2 sany ýatylýan otag, myhman jaý, aşhana, 2-taraplaýyn terassa bilen üpjün edilen.

Dürli Tagamlary Hödürleýäris

„Şapak“ hojalyk jemgyýetiniň kottejler toplumynda 160 adam üçin niýetlenen restoran bolup, dynç alýan adamlaryň islegleri boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň (türkmen türk, ýewropa, rus, aziýa, tagamlary) tagamlaryny, dürli görnüşli doňdurmalary, içgileri taýýarlap size hödürleýäris.

Sport we Dynç Alyş Merkezleri

Dynç alyş merkezinde saglygyny berkidýänler we dynç alýanlar üçin sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, fitnes otaglaryndan, jakuzi wannasyndan, açyk we ýapyk howuzlarda çagalar we ulular üçin suw sporty bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilen. Kottejler toplumynda üç görnüşli: gury saunasy, türk hammamy, fin bug saunasy bilen üpjün edilen. Dynç alýan raýatlara, hyzmatlaryň ähli görnüşleri ýagny: sorag-jogap gullugy, bilýard oýnalýan otaglar, bouling, oýun awtomatlary, kosmetologiýa bölümi, endam owkalaýyş, dellekhana we deňiz otaglarynyň, dürli wannalarynyň görnüşlerini hödürleýär. Futboll, woleýbol oýunlary we daşky türgenleýiş enjamlary oturdylan meýdançalar göz öňüne tutulan.